The Independent neşiri XXI asyryň iň beýik 60 aktýorynyň sanawyny düzdi

  • 31.12.2024 17:54
  • 9.8k+

The Independent neşiri XXI asyryň iň gowy aktýorlarynyň sanawyny çap etdi. Oňa amerikan, britan, irland, fransuz we nemes artistleriniň  60-sy girdi.

Sanaw neşiriň medeniýet bölümine jogapkär hünärmenler tarapyndan düzüldi. Şeýlelik bilen, awtorlar halaýan aktýorlaryna hormat goýmak we bu saýlaw bilen “düýbünden ylalaşman” hem biljek kino muşdaklaryny begendirmek islediler.
Sanawy düzüjiler diňe 2000-nji ýyldan soň düşürilen çeper filmleri göz öňünde tutdular, şonuň üçin sanawda Meril Strip, Al Paçino, Dastin Hoffman ýa-da Jek Nikolson ýaly tanalýan kino artistleri ýok.

"Käbir aktýorlaryň sanawda bolmagy we käbirleriniň bolsa ýokdugy adamlaryň göwnüne ýaraman biler. Aktýorlary saýlamaklyk el ujundan geçirildi, hatda sanawyň awtorlarynyň arasynda-da köp düşünişmezlikler boldy" – diýip, žurnalistler duýdurýarlar.

Döwrümiziň iň beýik 60 aktýorynyň The Independent tarapyndan düzülen 10-lugy aşakdakylardan ybarat:

  1. Filip Seýmur Hoffman
  2. Emma Stoun
  3. Deniel Deý-Lýuis
  4. Denzel Waşington
  5. Nikol Kidman
  6. Deniel Kaluýa
  7. Son Kan Ho
  8. Keýt Blanşet
  9. Kolin Farrell
  10. Florens Pýu

Sanawda Willem Defo, Izabel Ýupper, Kristian Beýl, Leonardo Di Kaprio, Toni Lýun Çu Waý, Adam Draýwer, Penelopa Krus, Hoakin Feniks, Raýan Gosling, Hawýer Bardem, Robert Dauni-kiçi, Keýt Winslet, Tom Henks, Sally Hokins, Mettýu MakKonahi we Tom Kruz ýaly meşhur aktýorlar bar.  
Sanawyň doly görnüşini şu baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.
2020-nji ýylda iň gowy aktýorlaryň sanawyny The New York Times neşir edipdi. Şol sanawyň başyny Denzel Waşington çekipdi, Izabel Ýupper we Deniel Deý-Lýuis ikinji we üçünji orunlary eýeläpdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......