Instagram-da we Facebook-da emeli aň tarapyndan döredilen millionlarça akkauntlar peýda bolar

  • 31.12.2024 17:01
  • 2.4k+

Meta kompaniýasy Instagram-da we Facebook-da wirtual gahrymanlary döretmek üçin emeli aňdan işjeň peýdalanmagy meýilleşdirýär. Olaryň öz terjimehallary, profil suratlary bolar we mazmuny çap edip bilerler diýip, Financial Times ýazýar.

Kompaniýa eýýäm 3 milliard ulanyjysy bolan auditoriýany özüne çekmek we saklamak üçin şeýle usula ýüzlenmegi karar etdi.
Kompaniýanyň generatiw AI boýunça wise-prezidenti Konnor Heýs bu çäreleriň ýakyn iki ýylda Meta programmalarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Ol kompaniýanyň ozal birnäçe ýüz müň wirtual gahryman döredilen guraly işe girizendigini ýatlatdy.
Hünärmenler nädogry maglumatlaryň ýaýramagy we mazmunyň hiliniň peselmegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikler barada duýduryş berýärler. Bu howplara garşy göreşmek üçin Meta öndürilen materiallara bellik etmegi meýilleşdirýär.
Kompaniýa AI tehnologiýalaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmagy dowam etdirýär. Ondan öň blogerleriň ýerine abonentleriň soraglaryna jogap berýän AI kömekçilerini işe girizipdi, indiki ýyl bolsa ulanyjylar tekst haýyşy boýunça öz gatnaşmagynda wideo döredip bilerler.


düýn 11:11
1k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
5.7k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......