“Milan” baş tälimçi Fonsekany wezipeden aýyrdy

  • 31.12.2024 13:30
  • 4k+

Italiýanyň “Milan” futbol kluby Paulu Fonsekanyň baş tälimçi wezipesinden gidendigini resmi taýdan habar berdi. Portugaliýaly hünärmen topara 2024-nji ýylyň tomsunda ýolbaşçy bolupdy.

“Paulu Fonseka erkekleriň birinji toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Klub Paulu ýokary hünär ussatlygy üçin minnetdarlyk bildirýär we oňa geljekki işinde ähli gowulyklary arzuw edýär” – diýip, klubuň metbugat gullugynyň resmi saýtdaky beýanynda aýdylýar.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Milanyň” täze baş tälimçisi başga bir portugaliýaly – Seržiu Konseýsau bolar. 2001-2003-nji ýyllarda ol oýunçy hökmünde “Milanyň” esasy garşydaşy bolan “Interde” çykyş edipdi.
Häzirki wagtda “Milan” 17 oýundan soň 27 utuk bilen Seriýa A-nyň ýaryş jedwelinde sekizinji orny eýeleýär. Italiýanyň çempionatynyň indiki tapgyrynda topar “Kalýari” bilen oýnar.


düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......