Dünýäde iň uly aýsberg ýyly suwlara tarap ýüzýär. Ol bir aýda bölünip başlar

  • 31.12.2024 13:22
  • 10k+

Ýer ýüzünde iň uly aýsberg “A23a” Antarktikanyň demirgazyk bölegine tarap hereket edýär we alymlaryň pikiriçe, bir aýyň içinde ol bölünip başlar diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Ägirt buz massasy baryp 1986-njy ýylda Antarktikadaky Filhner şelf buzlugyndan bölünip aýryldy we 30 ýyldan gowrak wagtlap Ueddell deňzinde saýa batdy. Ýöne 2020-nji ýylda ol doly aýrylyp, şu ýylyň başynda umman girdabyna düşdi. Dekabr aýynyň ortasynda buz bölegine “girdap duzagyndan” boşamak başartdy we indi ol Antarktikanyň demirgazygyna tarap hereket edýär. Britaniýanyň Antarktika gözlegleriniň institutynyň (BAS) alymlarynyň aýtmagyna görä, muňa güýçli akymlar we ýel täsir eden bolmaly.
Häzir “A23a” Antarktikanyň aýlaw polýar akymynyň zolagynda ýerleşýär we Günorta Georgiýa adasyna tarap ýüzýär.
Günorta ýarym şarda tomsuň ýakynlaşmagy bilen umman suwlarynyň temperaturasy ýokarlanýar, bu hem aýsbergleriň eremegini çaltlaşdyrýar.
BAS-yň Polýar ummanlary bölüminiň müdiriniň orunbasary Endrýu Meýers “A23a-nyň” sebitiň ekoulgamyna öz goşandyny goşup biljekdigini belledi.

“Aýsbergiň örän çuň bolandygy üçin, ol demir, sink we mikroelementler bilen baý bolan suwy ummanyň düýbünden ýüzüne çykarýar. Bu fitoplanktonyň köpelmegine ýardam eder, bu bolsa kril we ýyrtyjylar üçin peýdaly bolar” – diýip, okeanolog düşündirýär.

Beýleki bir tarapdan, eger aýsberg Günorta Georgiýanyň golaýynda bölünse, bu sebitiň ekoulgamyna ýaramaz täsir edip, pingwinleriň we düwlenleriň üýşmeginiň durmuşyny kynlaşdyrar.

“Eger ol iýmiň bolan ýerlerini petiklese, bu haýwanlar iýmit tapmak üçin has uzaga ýüzmeli bolar, bu hem olary stresse getirer” – diýip, Meýers aýtdy we bu sebite ýeten öňki aýsbergleriň köp sanly deňiz görnüşleriniň, esasanam, ýaş görnüşleriň ölmegine sebäp bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Meýersiň aýtmagyna görä, “A23a” dargandan soň aýsbergleriň sanynyň artmagy hereket zolagyny çäklendirip, sebitde täjirçilik balykçylyk işini kynlaşdyrar.


04.06.2026 17:40
8.5k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......