Günde 15 sany kuwwatly partlama hasaba alyndy

  • 30.12.2024 18:28
  • 7.9k+

29-njy dekabrda Günde 15 sany kuwwatly partlama, şol sanda bir iň ýokary X derejeli partlama hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Astronomlaryň maglumatlaryna görä, X derejeli partlama Ýere täsirini ýetirip biljek sebitde bolup geçdi.

“Deslapky maglumatlara görä, orta magnit tupanlary bilen massa zyňyndylarynyň 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije Ýere ýetmegi mümkin” – diýlip, habarda aýdylýar. 

Birinji M1.2 derejeli partlama ýekşenbe gününe geçilen gije, Aşgabat wagty bilen 03:14-de 3933 (S09W61) tegmiller toparynda hasaba alyndy. Onuň dowamlylygy 19 minut boldy.
Günüň dowamynda M we X derejeli ýene 14 partlama bolup geçdi. Kosmos howasyna gözegçiligiň maglumatlaryna görä, iň güýçlüleri Aşgabat wagty bilen 12:18-de hasaba alnan X1.1 we 20:09-da hasaba alnan M7.1 boldy. 
Gün partlamalary rentgen şöhlelenmesiniň güýji boýunça bäş kategoriýa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň pes A0.0 derejesi Ýeriň orbitasynda bir inedördül metr üçin 10 nWt şöhlelenme güýjüne laýyk gelýär. Derejäniň ýokarlanmagy bilen kuwwatlylyk hem 10 esse artýar. Partlamalar, köplenç, Ýere ýetende magnit tupanlaryna sebäp bolup bilýän Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşýar.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...