Toyota RAV4-iň iki sany täze wersiýasy çykar: Dark Side we Outdoor Lifestyle

  • 29.12.2024 16:45
  • 11k+

Toyota 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Tokio awtoulag sergisinde ilkinji gezek çykjak RAV4 krossoweriniň iki täze wersiýasyny yglan etdi diýip, ITHome habar berýär.

Olaryň birinjisi futuristik RAV4 Dark Side Performance Edition. Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, bu wersiýa “RAV4-iň adaty daşky görnüşinden düýpgöter tapawutlanýan RAV4-iň täze keşbini görkezýän futuristik modeldir. Ylmy-hyýaly  filmlerdäki, animasiýalardaky we oýunlardaky hereketiň geljegi durmuşa geçýär”.
Awtoulag gabaraly howa alyjysy, üýtgeşik yşyklandyryş elementleri we ýapyk radiator paneli bilen tapawutlanýar. Tigir arkalary ulaldyldy, bu onuň adaty däl görnüşini nygtaýar. Bu wersiýany yzygiderli öndürilmek meselesi häzirlikçe açyklygyna galýar.

Ikinji täze önüm - Toyota RAV4 Outdoor Lifestyle Package. Bu model açyk howada dynç almagy halaýanlar üçin niýetlenendir. Ol üçek ýükdany, ähli ýerde ýöreýän  tekerler we güýçlendirilen tigir arkalary bilen enjamlaşdyrylyp, çarkandakly ýollar boýunça syýahat edilende amatlydyr.
Tokio awtoulag sergisi 2025-nji ýylyň 10-12-nji ýanwary aralygynda geçiriler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......