Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda dünýä rekordlaryny täzeläp, 28 medal gazandylar

  • 29.12.2024 16:15
  • 9.3k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubow Kataryň paýtagty Dohada ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda dünýä rekordlarynyň ikisini täzeledi. Türkmen agyr atletikaçylary bu ýaryşda jemi 28 medal gazandylar. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş, 9-sy bürünç medallardyr. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Şahzadbek Matýakubow agyrlygy silterläp galdyrmakda 177 kilogramlyk netije görkezip, bu ugurda altyn medalyň eýesi boldy. Ştangany silterläp galdyrmakda bolsa netijesini 219 kilograma ýetirdi. Şahzadbek ozal hem özüne degişli bolan ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzeledi. Ol sentýabr aýynda goýan rekordyny 3 kilogram artdyrdy. Onuň bir rekordy ikinji bir rekorda-da sebäp boldy. Çünki Şahzadbegiň umumy görkezijisi 396 kilograma ýetdi. Bu netije-de ýaşlaryň arasyndaky täze dünýä rekordydyr.
Şahzadbek Türkmenistana üç medal bilen dolanyp geldi. Ondan başga-da, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anamjan Rustamowa hem Aziýanyň çempionatynda üç altyn medal aldy. Zenanlaryň arasynda 87 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz jemi 238 kilogramlyk netije görkezip (103+135), agyrlygy galdyrmagyň iki görnüşi we umumy netije boýunça altyn medallara mynasyp boldy.
Şeýle hem şol institutdan Gülälek Kakamyradowa iki altyn medal we bir bürünç medal aldy. Ol 64 kilograma çenli agram derejesinde ştangany silterläp galdyrmakda (92 kilogram) we iki görnüşiň jeminde (202 kilogram) ýeňiji boldy. Agyrlygy itekläp galdyrmakda bolsa ol 110 kilogramlyk netije bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdepden Süleýman Jafarow ýetginjekleriň arasynda üç medal gazandy. Ol 102 kilograma çenli agyrlykdaky türgenleriň ýaryşynda ştangany silterläp galdyrmakda 150 kilogram agyrlygy göterdi. Bu netije onuň altyn medal gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Agyrlygy itekläp galdyrmakda altyn medal üçin 17 ýaşly türgene bary-ýogy birnäçe kilogram ýetmedi. Şeýle-de bolsa, 176 kilogram agyrlygy göteren Süleýman bu gezek kümüş medal gazandy. Bir altyn we bir kümüş medallaryň şuglasy oňa iki görnüşiň jeminde ikinji kümüş medalyny bagyşlady.
Aşgabatdaky 104-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýan Ogulşat Amanowa Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandy. Agyr atletikaçy gyz 49 kilograma çenli agram derejesinde agyrlygy silterläp galdyrmakda 79, itekläp galdyrmakda 97, iki görnüşiň jeminde 176 kilogramlyk netijeleri görkezdi. Bu netijeler onuň diňe bir ýetginjekleriň arasynda däl, eýsem, ýaşlaryň arasynda hem medala mynasyp görülmegine sebäp boldy. Ogulşadyň agyrlygy silterläp galdyrmakdaky netijesi iki ýaş derejesinde altyn, itekläp galdyrmakdaky we umumy görkezijidäki netijeleri bolsa kümüş medallara laýyk görüldi.
Ogulşadyň dogany Medine ýaşlaryň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Ol ştangany silterläp galdyrmakda 92 kilogramlyk netije görkezip, bu görnüşde bürünç, iki görnüşiň jeminde bolsa 201 kilogramlyk netije bilen kümüş medalyň eýesi boldy.
Aşgabatdaky «Olimp» sport mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Didarbek Jumabaýew hem Dohadan ýurdumyza üç medal bilen dolanyp geldi. Türgen ýetginjekleriň arasynda ştangany itekläp galdyrmakda 171 kilogramlyk netije bilen kümüş, iki görnüşiň jeminde 298 kilogramlyk netije bilen bürünç medal gazandy. Onuň itekläp galdyrmakdaky netijesi ýaşlaryň arasynda hem bürünç medal gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Didarbek 73 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.
Mary şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yslam Akmyradowyň döşüni bolsa bürünç medallaryň üçüsi bezedi. Ýetginjekleriň arasynda 89 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz jemi 296 kilogramlyk (133+163) netije bilen agyrlygy galdyrmagyň iki görnüşinde we olaryň jeminde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Aziýanyň çempionatynda gazanylan medallaryň sanawyny Gumdag şäherindäki 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýagözel Hürmenowa bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Babur Amangeldiýewiň gazanan bürünç medallary jemleýär.
Doha çempionatyna yklymyň 20 döwletinden 237 türgen gatnaşdy.


şu gün 15:10
144

Tanap çekişmek boýunça dünýä çempionatyna müňden gowrak türgen gatnaşdy

Taýwanyň Taýbeý şäherindäki «Taipei Arena» meýdançasynda tanap çekişmek boýunça binalaryň içinde geçirilýän dünýä çempionaty tamamlandy. Oňa müňden gowrak türgen gatnaşdy. Bu Taýwanyň tanap çekişmek sporty boýunça halkara ýaryşlary ilkinji kabul edişidir...

şu gün 12:00
598

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar...

düýn 20:14
8.2k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

13.03.2026 16:42
3.8k+

Şwesiýaly Arman Dýuplantis syrykly bökmekde eýýäm 15-nji dünýä rekordyny goýdy

Şwesiýadan iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis syrykly bökmek boýunça karýerasynda 15-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu gezek ol Şwesiýanyň Uppsala şäherinde geçirilýän "Mondo Classic – 2026" möwsümara ýaryşynda 6,31 metr belentlikden aşyp bildi...