Grek aşhanasy TasteAtlas tarapyndan dünýäde iň gowusy hökmünde saýlandy

  • 28.12.2024 20:53
  • 5.9k+

Grek aşhanasy TasteAtlas gastronomiki ensiklopediýa tarapyndan dünýäniň iň gowy aşhanalarynyň ýyllyk reýtinginde birinji orunda ýerleşdirildi.

Portal grek gastronomiýasynyň iň belli tagamlarynyň arasynda girosy – etli, sously we ter gök önümlerden taýýarlanan pitany (türk dönerine ýa-da arap şaurmasyna meňzeş tagam), grek işdäaçaryny hem-de badamdan we üwelen goýun etinden taýýarlanan musakany belledi. Belli grek önümleriniň hatarynda feta we kaseri peýnirleri, “kalamata” zeýtuny we ondan taýýarlanan ýag, şeýle-de grek ýogurty tapawutlandy.
Reýtingiň ikinji ornunda italýan aşhanasy, üçünji orunda Meksikanyň aşhanasy ýerleşdi.
Şeýle-de, ilkinji onluga ispan, portugal, türk, indoneziýa, fransuz, ýapon we hytaý aşhanalary girdi.
Reýting dünýä boýunça 15,5 müň tagam üçin ulanyjylaryň 477 müň baha bermesiniň esasynda düzüldi.


şu gün 00:59
2.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....