Vanda Research: Nvidia 2024-nji ýylda iň köp satylan paýnama boldy

  • 28.12.2024 17:43
  • 1.9k+

Nvidia-nyň paýnamalary 2024-nji ýylda hususy maýadarlaryň arasynda iň meşhury boldy. Kompaniýanyň paýnamalaryna 30 milliard dollar töweregi maýa goýuldy diýip, Vanda Research-iň maglumatlaryna salgylanýan CNBC habar berýär. Bu Nvidia-ny sap satyn almalar boýunça ýylyň iň köp satylýan paýnamasyna öwürdi.

Maýa goýum mukdary nukdaýnazaryndan, Nvidia bölek satuw söwdagärlerinden ABŞ-nyň gazna bazarynyň esasy indeksini yzarlaýan SPDR S&P 500 ETF Trust-dan iki esse köp puly özüne çekdi.
Şeýle hem bu kompaniýa 2023-nji ýylda hususy maýadarlaryň arasynda paýnamasy iň köp satyn alynýan Teslany kem-kemden gysyp çykarýar.

"Nvidia bahasynyň täsirli ýokarlanmagy sebäpli Tesla-dan ünsi özüne çeken paýnama boldy "- diýip, Vandanyň uly wise-prezidenti Marko Iaçini aýtdy. "Netijeleriň özi özleri barada aýdyp dur".

2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Nvidia-nyň paýnamalaryna arassa maýa goýumlary 9 esse artdy.


02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

22.02.2026 17:17
2.5k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

16.02.2026 20:41
3.2k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

31.01.2026 09:16
1k+

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...