Ak kelleli bürgüt resmi taýdan ABŞ-nyň milli guşy hökmünde ykrar edildi

  • 28.12.2024 17:41
  • 5.5k+

Ak kelleli bürgüt resmi taýdan "ABŞ-nyň milli guşy" derejesini aldy. Degişli kanunçylyk namasyna Prezident Jo Baýden gol çekdi diýip, CNN habar berýär.

Ak kelleli bürgüt 250 ýyl bäri ABŞ-nyň güýjüniň nyşany hasaplanýar. Guş ilkinji gezek 1782-nji ýylda hökümet resminamalarynyň dogrudygyny tassyklaýan Uly möhürde peýda boldy. Mundan başga-da, bürgüt resmi nyşanlarda zeýtun şahasy, oklar, baýdak görnüşindäki galkan, “E pluribus unum” şygary (latyn dilinden terjime edilende - “Köplerden, ýeke”) we ýyldyzlar bilen bilelikde şekillendirilýär.
Ak kelleli bürgüdi milli guş hökmünde ykrar etmek başlangyjy Kongres tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

"Ak kelleli bürgüt ýurdumyzyň erkinliginiň we güýjüniň nyşanydyr" – diýip, kanun taslamasynyň awtorlarynyň biri hökmünde çykyş eden senator Emi Klobuşar mälim etdi.

Ak kelleli bürgüt Demirgazyk Amerikanyň çäginde ýaşaýar. Daşky görnüşi bürgütlere meňzeýän hem bolsa, olardan tapawutlylykda, balyk iýmegi gowy görýär we uly suw howdanlarynyň golaýynda ýerleşýär.


14.06.2026 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......