Germaniýanyň Prezidenti bundestagy ýatyrdy. Möhletinden irki saýlawlaryň senesi bellendi

  • 27.12.2024 18:51
  • 13k+

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bundestagy dargadyp, 2025-nji ýylyň 23-nji fewralyna möhletinden öň parlament saýlawlaryny belledi. Bu barada Tagesschau habar berýär.

Ol şeýle çözgüdi 16-njy dekabrda parlament deputatlary kansler Olaf Şolsuň hökümetine ynamsyzlyk bildirenden soň kabul etdi.
Şolsuň özi tarapyndan öňe sürlen mejlisde onuň kabinetini 717 deputatdan diňe 207-si goldady, 394-üsi garşy çykdy, 116-sy saklandy. Bu 2021-nji ýyldan bäri Sosial-demokratik partiýany, “Ýaşyllary” we Azat demokratik partiýany öz içine alýan dolandyryjy koalisiýanyň dargamagyndan soň bolup geçdi. Soňkusy ykdysady özgertmeler baradaky düşünişmezlikleriň esasynda noýabr aýynda koalisiýany terk etdi, bu hem hökümeti parlament köplüginden mahrum etdi.

“Häzirki ýaly çylşyrymly döwürde durnuklylygy üpjün etmek üçin işe ukyply hökümet we parlamentde ygtybarly köplük talap edilýär” – diýip, Ştaýnmaýer aýtdy, onuň sözlerini Deutsche Welle agentligi getirýär.

GFR-iň Prezidenti durnukly köplügi döretmek synanyşygynyň netijesiz bolandygyny belledi.
Prezidentiň çözgüdi ýurduň syýasy ýagdaýyny aýdyňlaşdyrjak möhletinden irki saýlawlara resmi taýýarlyk prosedurasyny tamamlaýar.


07.04.2026 21:02
2.2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...