NASA kosmosda “Roždestwo arçasynyň” haýran galdyryjy suratyny görkezdi

  • 27.12.2024 18:30
  • 11k+

NASA NGC 2264 adyny alan ýaş ýyldyzlaryň üýşmeginiň suratyny hödürledi. Bu kosmiki “Roždestwo arçasy” Ýerden, takmynan, 2500 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.

Surat 17-nji dekabrda düşürildi we ol NASA-nyň “Çandra” kosmiki rentgen obserwatoriýasynyň maglumatlaryny hem-de Arizonadaky astrofotograf Maýkl Klouwyň teleskopynyň optimiki maglumatlaryny birleşdirýär.
Bu suratda ýyldyzlaryň ýaşy 1-den 5 mln ýyla çenli. Deňeşdirmek üçin, Günüň ýaşy 1000 esse uly, ýagny 5 mlrd ýyla deň. NGC 2264 üýşmesinde ýyldyzlaryň ululygy 0,1-den 7 Gün massasyna çenli aralykda üýtgeýär.
Asman ýyldyzlary bu suratda gök we ak çyrajyklar ýaly görünýär. Arçanyň şahalaryny ýatladýan daş-töweregindäki gaz bolsa ýaşyl öwüşgini emele getirýär.
NGC 2264 üýşmesi “Roždestwo arçasy” bilen ilkinji gezek baglanyşdyrylmaýar. Geçen ýylky suratda ol yşyklar we bezeg çyralary bilen bezelen şekilde peýda boldy.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......