YouTube klikbeýt-wideolary duýdurmazdan bozup başlar

  • 27.12.2024 16:57
  • 3k+

YouTube klikbeýt mazmunlaryna garşy çäreleri güýçlendirýär. Google-yň blogunda wideo hostingiň görkezilen sözbaşa ýa-da prewýu (surat) gabat gelmeýän wideolary duýdurmazdan aýryp başlajakdygy habar berilýär.

“Biz sözbaşylary ýa-da miniatýurasy tomaşaçylara wideodakydan düýbünden başga zady wada berýän wideolara gözegçiligi güýçlendirmegi meýilleşdirýäris” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Täze düzgün Hindistanda güýje girip başlar we kem-kemden beýleki ýurtlara ýaýradylar. YouTube-da häzirki wakalara we täzeliklere bagyşlanan wideolara aýratyn üns beriljekdigi bellenildi.

“Wideo soňky täzeliklere ýa-da häzirki wakalara bagyşlanan bolsa, bu YouTube-yň tomaşaçylaryny ýalňyşdyrmazlyk üçin aýratyn wajypdyr” – diýip, Google-yň wekilleri belledi.

Kompaniýa klikbeýt sebäpli tomaşaçylaryň özüni “aldanan we lapykeç” duýýandygyny belleýär. Täze syýasat auditoriýanyň platforma bolan ynamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


14.06.2026 14:07
3.6k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......