ChatGPT-niň işinde global bökdençlik bolup geçdi

  • düýn 16:43
  • 2.1k+

ChatGPT-niň işinde global bökdençlik bolup geçdi. Bu Downdetector serwisiniň maglumatlaryndan gelip çykýar.

OpenAI kompaniýasynyň hyzmatyna girmek bilen bagly näsazlyklar barada ABŞ, Gazagystan, Niderlandlar, Germaniýa, Polşa, Finlýandiýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryndaky ulanyjylar zeýrendi.
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň we wideo döretmek üçin Sora emeli aň guralynyň “köp ýalňyşlyklar” bilen işleýändigini tassyklady. Kompaniýa meseleleriň sebäbini anyklamagy wada berdi.
Şeýle-de, käbir ýurtlarda ulanyjylar Microsoft-yň dürli hyzmatlarynda, şol sanda Xbox Live, Microsoft 365, Teams we Outlook hyzmatlarynda bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldy.


24.12.2024 10:07
1.8k+

OpenAI iň akylly emeli aň modelini – o3-i hödürledi: 88% adamyň yzyndan ýetdi

12 günlük anonslar marafony bolan Shipmas Roždestwo aksiýasynyň soňky güni OpenAI kompaniýasy täze o3 we o3-mini emeli aň modellerini hödürledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, “pikir ýöredýän” model emeli aňyň...

20.12.2024 12:12
5.5k+

Indi ChatGPT bilen telefon arkaly gürleşip bolýar: onuň öz belgisi bar

OpenAI 12 günlük anonslar marafonynyň çäklerinde täze mümkinçiligi hödürledi – kompaniýa ChatGPT bilen telefon arkaly gürleşmegi teklip edýär. Emeli aňa jaňlar ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterlidir, gürrüňdeşligiň...

19.12.2024 11:01
1.2k+

OpenAI ähli ulanyjylar üçin ChatGPT arkaly internet gözlegini açdy

OpenAI gözleg ulgamlarynyň bazarynda Google-a bäsdeş boldy. Kompaniýa ChatGPT çat-boty arkaly internet gözlegini ähli ulanyjylar üçin elýeterli etdi diýip, 3Dnews habar berýär. Mundan öň çat-bot diňe premium wersiýa...

15.12.2024 16:45
4.2k+

Mask hakyky surata meňzeş şekilleri döretmek üçin Aurora neýroulgamyny hödürledi

Ilon Mask xAI tarapyndan işlenip düzülen Aurora neýroulgamynyň işe başlandygyny habar berdi. Bu model suratlary döretmekde ýokary derejeli fotorealizme we takyklyga ýetmäge mümkinçilik berýän, Internetden alnan milliardlarça...