OpenAI ähli ulanyjylar üçin ChatGPT arkaly internet gözlegini açdy

  • 19.12.2024 11:01
  • 1.4k+

OpenAI gözleg ulgamlarynyň bazarynda Google-a bäsdeş boldy. Kompaniýa ChatGPT çat-boty arkaly internet gözlegini ähli ulanyjylar üçin elýeterli etdi diýip, 3Dnews habar berýär.

Mundan öň çat-bot diňe premium wersiýa ýazylan ulanyjylar üçin gözleg funksiýasyny ýerine ýetirýärdi. Indi bu hyzmatdan akkaunta girip, çat-botuň ykjam goşundylarynyň ýa-da hyzmatyň web-wersiýasynyň üsti bilen peýdalanmak bolýar.
Täze funksiýa ChatGPT Search adyny aldy. Ol adaty çatda bolşy ýaly sorag bermäge we web-çeşmelere salgylanmalar bilen çalt, degişli jogaplary almaga mümkinçilik berýär. Bot internete ýüzlenmegiň zerurlygyny awtomatik kesgitleýär, ulanyjylar bolsa gözlegiň şertlerini anyklaşdyryp ýa-da jikme-jik maglumatlary sorap biler.
Mundan başga-da, ChatGPT Search-y brauzerde esasy gözleg ulgamy hökmünde görkezmek bolar.
Funksiýanyň işe girizilmegi OpenAI-iň 12 günlük anonslar marafonynyň bir bölegi boldy. Öň, kompaniýa aýda 200 dollara ChatGPT Pro ýazylyşygy we emeli aňyň kömegi bilen wideo döretmek üçin Sora guralyny hödürledi. Ýakyn günlerde täze anonslaryň bolmagyna garaşylýar.


03.06.2026 18:12
5.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......