Saud Arabystanynda geçiriljek 2034-nji ýylyň dünýä çempionatynda stadionlarda alkogolly içgiler gadagan ediler

  • 22.12.2024 17:02
  • 15k+

Saud Arabystanynda geçiriljek futbol boýunça 2034-nji ýylyň Dünýä çempionatynda stadionlarda alkogolly içgiler satylmaz. Bu ýerli kanunlar hem-de Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) olary bozmazlyk baradaky karary bilen bagly gelip çykýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

FIFA, ýaryşy gurnaýjylar bilen stadionlarda hatda piwo satmak mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirmeýär.
Bu ýagdaý, esasan, Katarda geçirilen 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň tejribesi bilen baglanyşykly. Şonda ilkibaşda piwo satmaga rugsat berlipdi, ýöne ýaryş başlamazdan iki gün öň häkimiýetler bu karary ýatyrdylar. FIFA hemaýatkäriň - iri piwo kärhanasynyň çeken zyýanynyň  öwezini dolmaly bolupdy, bu federasiýa takmynan 40 million funt sterlinge düşüpdi.
11-nji dekabrda Saud Arabystanynyň 2034-nji ýylyň dünýä çempionatynyň resmi taýdan ýer eýesi bolandygyny ýatladýarys. Ýaryşlar ýerli däp-dessurlaryň we kanunçylygyň pugta berjaý edilmegi şertlerinde geçer.


düýn 22:01
3.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.2k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......