“Ýeke özi öýde” filminden Kewiniň jaýy 5 mln dollara satyldy

  • 21.12.2024 19:32
  • 14k+

Illinoýs amerikan ştatynda “Ýeke özi öýde” filmi bilen belli bolan jaýy satmak boýunça şertnama ýapyldy. Täze hojaýyn jaýy 5 mln dollara satyn aldy. Ilkibaşda emläk 5,25 mln dollar bilen bahalandyrylypdy diýip, Entertainment Weekly ýazýar.

“Biz bu jaýyň kinematograf taryhynda özüne mynasyp orny we ýatdan çykmajak baýramçylyk ýatlamalary bilen hemmeleriň ünsüni we söýgüsini özüne çekendigine haýran galýarys” – diýip, Coldwell Banker Reality-dan satuw agenti belledi.


Jaý 1921-nji ýylda guruldy. Onda bäş ýatylýan otag, alty wanna otagy, türgenleşik zaly, kinoteatr, ýapyk sport korty, iki kir ýuwulýan otag we üç orunlyk garaž bar. Jaýyň öňki eýeleri ony 2012-nji ýylda 1,585 mln dollara satyn aldy, 2018-nji ýylda bolsa döwrebap abatlaýyş geçirdiler. Birwagtlar jaýy Kewiniň roluny ýerine ýetiren aktýor Makoleý Kalkiniň özi-de satyn almakçy boldy.

“Käwagt öýüň golaýynda “Kewiniň sesini” eşiderdim. Adamlaryň bu jaýy görüp, tolgunýandygyny görmek gyzyklydy” – diýip, emlägiň öňki eýesi Trişa Jonson paýlaşdy. 


şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....