Ýabany tebigatyň iň gülkünç suratlary: Nikon Comedy Wildlife Awards-yň netijeleri

  • 22.12.2024 14:52
  • 20k+

Londonda Nikon Comedy Wildlife Awards 2024 bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şu ýyl ýubileý onunjy möwsümde 98 ýurtdan gatnaşyjylardan 9000-den gowrak arza kabul edildi we bu baýragyň tutuş taryhynda rekord boldy.

Baş baýragy “gapjap galan belkanyň” suraty üçin italiýaly fotosuratçy Milko Marketti aldy. Suratda çypar belkanyň agajyň köweginde gizlenip, yzky aýaklaryny agajyň sütüni bilen göni burçy emele getirýän şekilde galdyran pursaty suratlandyrylan.

Kategoriýalarda ýeňijiler
·Esasy ýeňiji:
“Gapjap galan belka”, Milko Marketti (Italiýa)

Mör-möjekler:
“Hudaýaty flamenkosy”, Hose Migel Galego Molina (Ispaniýa)

·Süýrenijiler we ýerde-suwda ýaşaýanlar:
“Gurbaga köpürjikde”, Eberhard Emke (Germaniýa)

·Guşlar:
“Gonuş wagty murtly kraçkanyň (Sterna) heläkçilige uçramagy”, Damýan Petkow (Bolgariýa)

·Balyklar we suw görnüşleri:
“Rollaryň garaşylmadyk ýagdaýda çalşylmagy”, Pşemyslaw Ýakubçik (Polşa)

·Ýaş fotosuratçy (16 ýaşa çenli):
“Posa alyşýan baýguş çagalary”, Sarthak Ranganadhan (Hindistan)

·Ýaş fotosuratçy (25 ýaşa çenli):
“Tagaşyksyz ýylgyrýan gurbaga”, Kingston Tem (Gonkong)

·Tomaşaçy gyzyklanmasynyň baýragy:
“Silkele, hüžžer, waňňyrda we ýok bol”, Tapani Linnanmýaki (Finlýandiýa)

  • ·Portfolio:
  • “Aýdymyň astynda tans, rok-gitara çalmak, samsyklyk etmek, agyrlyk götermek”, Flinn Taýtanunde-Lobb (Beýik Britaniýa)
  • Ýokary baha alanlar:
  • ·“Gizlenpeçek”, Lesli Makleod (Kanada)
  • ·“Ýeri, dost, çekil – bu meniň guşjagazym”, Endi Rouz (Beýik Britaniýa)
  • ·“Sen meniň ejem däl”, Rendi Herman (ABŞ)
  • ·“Rok ýyldyzy”, Sanjaý Patil (Hindistan)
  • ·“Mafiýa başlygy”, Takasi Kubo (Ýaponiýa)
  • ·“Men söýgi üçin aşa özüne çekiji”, Artur Stankewiç (Polşa)
  • ·“Dörtleriň topary”, Ralf Robinson (Beýik Britaniýa)
  • ·“Synçy şimpanze”, Arwind Mohandas (Germaniýa)
  • ·“Siz oýun edýäňiz”, Marti Fillips (ABŞ)
  • ·“Men saňa syr açaýyn”, Ýan Pýeha (Germaniýa)

şu gün 11:22
2.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.8k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.4k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......