“Ýabany robot” 10 nominasiýada “animasion Oskaryna” dalaş edýär

  • 26.12.2024 17:25
  • 3.5k+

DreamWorks Animation studiýasy tarapyndan çykarylan “Ýabany robot” multfilmi 52-nji “Enni” baýragy üçin nominasiýalaryň sany boýunça öňdebaryjy boldy. Multfilm on kategoriýada baýraga dalaş edýär diýip, Variety habar berýär.

Film “iň gowy multfilm”, “iň gowy režissýorlyk”, “iň gowy ssenariý”, we “gahrymanlara iň gowy ses berme” ýaly nominasiýalarda görkezildi. Ses beren aktýorlaryň arasynda Lupita Niongo we Kit Konnor tapawutlandy.
“Ýabany robot” Piter Braunyň adybir kitabyna esaslanýar. Onda adam ýaşmaýan ada düşýän kömekçi robot barada gürrüň berilýär.
Film dünýä prokatynda 323 mln dollar ýygnap, ýylyň iň girdejili özboluşly animasiýasy boldy. DreamWorks eýýäm onuň dowamyny çykarmak meýilnamalary barada habar berdi.
Şeýle-de, “Enni” baýragyna dalaşgärleriň sanawynda “Tapmaça 2” we “Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar” bar we olaryň ikisi-de ýedi nominasiýada hödürlendi.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 8-nji fewralda geçiriler. Esasy kategoriýalarda dalaşgärleriň sanawy şu aşakdakylardan ybarat:

Iň gowy animasion doly metražly film:

  • ·“Tapmaça 2” (Головоломка 2)
  • ·“Ýabany robot” (Дикий робот)
  • ·“Kung-fu Panda 4” (Кунг-фу Панда 4)
  • ·“Şol Roždestwo” (Тем Рождеством)
  • ·“Ultramen: Belentlige tarap” (Ультрамен: Путь к вершине)
  • ·“Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar” (Уоллес и Громит: Самая дикая месть)

Iň gowy garaşsyz multfilm:

  • ·“Kensuke şalygy” (Королевство Кенсуке)
  • ·“Mars Ekspress” (Марс Экспресс)
  • ·“Ulitkanyň ýatlamalary” (Мемуары улитки)
  • ·“Yzyňa seret” (Оглянись)
  • ·“Akym” (Течение)
  • ·“Linda üçin jüýjejik!” (Цыплёнок для Линды!)

Iň gowy režissýorlyk:

  • ·Gints Zilbalodis – “Akym”
  • ·Merlin Krossinghem – “Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar”
  • ·Sebastýen Lodenbah – “Linda üçin jüýjejik!”
  • ·Saýmon Otto – “Şol Roždestwo”
  • ·Kris Sanders – “Ýabany robot”

Iň gowy ssenariýa:

  • ·“Tapmaça 2”
  • ·“Kensuke şalygy”
  • ·“Ulitkanyň ýatlamalary”
  • ·“Akym”

Geçen dabarada ýedi nominasiýada, şol sanda iň gowy animasion doly metražly film nominasiýasynda “Möý adam: Älemiň kerebi” (Человек-паук: Паутина вселенных) ýeňiji boldy.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......