WhatsApp 1-nji ýanwardan başlap Android-smartfonlaryň 19 modelinde goldawyny bes eder

  • 26.12.2024 13:28
  • 6.9k+

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 19 sany Android smartfon modeli WhatsApp täzelenmelerini alyp bilmez. Meta kompaniýasy 10 ýyldan uly Android KitKat we ondanam has köne wersiýalarda işleýän enjamlarda messenjeri goldamagy bes etmegi karar etdi diýip, GSMArena portaly habar berýär.

Bu enjamlary ulanyjylara 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli messenjer maglumatlaryny täze enjamlara geçirmek maslahat berilýär, ýogsam çatlaryň taryhy we media faýllar dolulygyna ýitirim bolar.
Täsir eden modelleriň sanawy şulardan ybarat:

  • Samsung: Galaxy S3 / Galaxy Note 2 / Galaxy Ace 3 / Galaxy S4 Mini.
  • Motorola: Moto G (1-nji nesil) / Razr HD / Moto E 2014.
  • HTC: One X / One X+ / Desire 500 / Desire 601.
  • LG: Optimus G / Nexus 4 / G2 Mini / L90.
  • Sony: Xperia Z / Xperia SP / Xperia T / Xperia V.

Meta öň 15.1 wersiýasyndan köne iOS-da işleýän iPhone-larda WhatsApp-a goldawyň bes edilendigini habar berdi. Olarda 2025-nji ýylyň maý aýyndan başlap messenjer täzelenmegini bes eder.
WhatsApp häzirki wagtda Android 5.0-li we iOS 12-li we ondan hem täze enjamlary goldaýar. Goldawyň bes edilmegi täze funksiýalaryň we howpsuzlyk meseleleriniň girizilmegi bilen baglanyşykly. Ulanyjylaryň bar bolan akkauntlary öňküsi ýaly ulanylyp bilner, ýöne köne modeller indi täze funksiýaly täzelenmeleri almazlar.


04.06.2026 11:54
1.9k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
985

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
926

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

09.02.2026 12:17
1.9k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...