AirPods-da ýürek urgusyny, gyzgynlygy we beýleki fiziologiki görkezijileri ölçäp bolar

  • 25.12.2024 11:46
  • 4.3k+

Apple kompaniýasy ulanyjynyň saglygyna gözegçilik etmek üçin mümkinçilikleri goşup, AirPods nauşnikleriniň funksiýalaryny has-da giňeltmek isleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň berýän maglumatlaryna görä, geljekde enjamlar ýürek urgusyny, bedeniň gyzgynlygyny we başga-da birnäçe fiziologiki görkezijileri ölçäp biler diýip, 9to5Mac habar berýär.

Iň esasy zat AirPods-yň ýürek urgusyny ölçeýän datçik bilen enjamlaşdyrmagydyr. Içerki synaglaryň dowamynda Apple Watch ulanylanda şeýle ölçegleriň takyklygynyň has ýokarydygy anyklandy. Soňlugy bilen şuňa meňzeş tehnologiýa nauşniklere hem birikdiriler.
Gözegçilik funksiýalarynyň belli bir tertibi bolmazdan, tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem, Apple AirPods-a kameralary goşmagyň üstünde işleýär. Bu amal öň togtadylypdy, ýöne kompaniýanyň emeli aň bilen gyzyklanmagy sebäpli, indi gaýtadan üns berlip başlandy. Taslamanyň ileri tutulýanlygyna garamazdan, Gurmanyň çaklamalaryna görä, onuň durmuşa geçirilmegi azyndan iki ýyl wagt alar.


17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....