One UI 6.1 täzelenmesi Galaxy S22 Ultra-nyň işinde näsazlyk döretdi

  • 25.12.2024 10:19
  • 4.2k+

Samsung Galaxy S22 Ultra ulanyjylary 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylan One UI 6.1 täzelenmesi gurnalandan soň, düýpli meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Gizmochina portalynyň ýazmagyna görä, täzelenme Galaxy AI funksiýasyny kämilleşdirip, gurluşyň umumy öndürijiligini ýokarlandyrmalydy. Ýöne munuň deregine ol gajetleriň köpçülikleýin gowşamagyna, doňmagyna we tükeniksiz gaýtadan işe girizmelere getirdi.
Ulanyjylar ýygy-ýygydan bolýan näsazlyklary, duýdansyz gaýtadan işe girizmeleri we smartfonyň doly derejede hatardan çykýan ýagdaýlaryny bellediler. Käbirleri resminamalar, suratlar we bellikler ýaly maglumatlaryň ýitendigini habar berýär.
Samsung-yň hyzmat merkezlerinde meseleleriň baş platanyň näsazlygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Şeýle-de bolsa, gurluşy indi kepilde bolmadyk ulanyjylar abatlaýyş üçin tölegi özleri tölemeli bolar. Onuň bahasy, takmynan, 480 dollara barabar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...