Režissýor Kristofer Nolan “Odisseý” poemasy esasynda ekşn-epos taýýarlaýar

  • 25.12.2024 10:33
  • 2.8k+

Kristofer Nolan gadymy grek poemasy bolan Gomeriň “Odisseýiniň” kino görnüşini düşürýär. Universal Pictures geljekki filmiň premýerasynyň meýilleşdirilen senesini yglan etdi – 2026-njy ýylyň 17-nji iýuly.

Nolanyň taslamasy döwrebap IMAX kameralaryny ulanyp, “dünýäniň dürli künjeklerinde surata düşürilen mifiki ekşn-epos” hökmünde häsiýetlendirilýär.
Filmiň aktýorlar düzümine Mett Deýmon, Robert Pattinson, Tom Holland, Zendaýa, Şarliz Teron we Lupita Niongo goşuldy. Ilkinji dördüsi baş rollary ýerine ýetirer. Film 2025-nji ýylyň başynda surata düşürilip başlanar.
Nolanyň geçenki filmi “Oppengeýmer” režissýora diňe bir ilkinji “Oskary” getirmän, eýsem bütin dünýäde 975 mln dollar gazanyp, girdejili filme öwrüldi. Onuň beýleki blokbasterleriniň arasynda “Gara rysar” (Темный рыцарь) trilogiýasy, “Başlangyç” (Начало), “Insterstellar” (Интерстеллар) we “Dýunkerk” (Дюнкерк) bar.
Gadymy grek şahyry Gomeriň “Odisseýi” antiki edebiýatyň iň gadymy we belli eserleriniň biridir. Poema mifiki Itaka şasy Odisseý we onuň Troýa urşundan soň watanyna tarap ýolda köpýyllyk başdangeçirmeleri barada gürrüň berýär.


şu gün 11:08
1.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....