Beýik Britaniýada bahasy 6,3 million funt bolan, göwherli akköke öý taýýarlandy

  • 24.12.2024 10:15
  • 7k+

Donkaster (Beýik Britaniýa) şäherinde bahasy 6,3 million ýewro (takmynan 7,9 million dollar) bolan ak kökeden ýasalan öýjagaz peýda boldy. Mirror neşiriniň habar bermegine görä, süýjüligiň üsti bilen ýürek söýgüsini bildirmegi karar eden müşderiniň haýyşy boýunça konditer Debbi Wingem bişirdi.

Öýi gurmak üçin Debbä iki hepde gerek boldy. Onuň esasy imbirli kökeden ybarat we bezegi üçin bolsa şeker tozy, şokolad, süýji pomadka we sepilýän owuntyklar  ulanyldy. Merkezinde gülgüne göwher goýlup, onuň töweregi ýene üç sany gymmatbaha daş bilen gurşalan.
Öýjagaz Ispaniýanyň Puerto-Banus şäherinde ýerleşýän Dolce & Gabbana söwda dükanynyň iýilýän nusgasydyr. Ony taýýarlamak üçin 15 kg un we 17 kg şeker gerek boldy.

“Korollygyň adamlaryndan başlap, meşhur adamlara çenli köp müşderi üçin süýjülik sungat eserlerini ýasadym. Ýöne bu meniň ýürek söýgisini bildirmek üçin taýýarlan ilkinji önümim"-diýip, Wingem gürrüň berdi.

Debbi 2015-nji ýyldan bäri süýjülik taýýarlamak sungaty bilen meşgullanýar we ozal Dubaýdaky Bütindünýä söwda merkezinde geçen Bride sergisinde görkezilen 1 million dollarlyk toý torty bilen meşhurlyk gazanypdy.


düýn 19:18
1.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......