Kia 4 metrlik, dizelde işleýän we 6 tizlikli “awtomat” Syros býujet krossowerini hödürledi

  • 24.12.2024 09:45
  • 6.7k+

Flagman EV9 elektrik krossoweri Kia model hatarynda kubizm modasyny görkezýär. Täze Kia Syros parketnik ulagy şol birmeňzeş “inedördül” dizaýny aldy.

Syros-yň uzynlygy 3995 mm, ini 1800 mm we beýikligi 1665 mm. Teker bazasy - 2550 mm. Täze önüm Kia Sonetden 10 mm giň we 55 mm beýikdir, 50 mm uly basgançak aralygy bar, bu bolsa Syros-yň salonyny şeýle uzynlykdaky kuzowda has giňiş edýär. Bagažyň göwrümi hem has uludyr: 385 litre derek 465.
Kia Syros-yň salony EV maşgalasynyň elektrik modellerini ýada salýar. Ýasy düýpli iki dilli ruly we bir aýnanyň astynda birleşdirilen 12,3 dýuýmlyk ekrany bar. Olaryň arasynda ýene biri - howa gözegçiligi dolandyryjy 5 dýuýmlyk ekran bar.

Enjamlaryň sanawyna simsiz täzelenme, dört oturgyjyň hemmesini şemalladyjy, ikinji hataryň merkezi tirsekgoýarly we 60:40 gatnaşykda eplenýän  funksiýaly oturgyçlary, sürüjisiniň tokly dolandyrylýan oturgyjy, 8 dinamikli Harman Kardon audio ulgamy, goşa panelli panoramaly lýuk, elektron duralga tormozy, alty sany howpsuzlyk ýassygy, öň we yzky duralga datçikleri, töweregi 360 dereje alýan kamera we 2-nji derejeli ADAS paketi girýär.
Bazara ilkinji bolup içinden otlanýan hereketlendirijili wersiýalary çykar. Geljekde Kia diňe elektrik modifikasiýasyny goýbermegi meýilleşdirýär.
Kia Syros alty komplektasiýada hödürlener, ýöne olaryň bahasy fewral aýynda yglan ediler. Hindistanda modeliň başlangyç bahasynyň 1 million rupiýa (takmynan, 11,8 müň dollar) boljakdygy mälimdir.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

23.05.2026 20:38
4.9k+

Tata dünýäniň iň arzan awtomobilleriniň biriniň täzelenen görnüşini çykardy

Hindistanyň Tata kompaniýasy dünýäniň iň elýeterli modelleriniň biri hasaplanýan Tiago hetçbeginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobiliň doly göwrümli resmi premýerasy 28-nji maýda meýilleşdirilýär....

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......