iPhone Telegram-yň täzelenmesinden soň çalt zarýad ýitirip başlady

  • 23.12.2024 18:15
  • 4.8k+

Telegram messenjeri 11.5.2 wersiýasyna çenli täzelenenden soň, iPhone ulanyjylary gurluşyň akkumulýatorynyň çalt zarýadsyzlanmagy we aşa gyzmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup başladylar diýip, 3DNews habar berýär.

Geçen dynç günleri App Store-da iOS 18-de işleýän dürli iPhone modelleriniň eýelerinden onlarça nägilelik bildirýän synlar peýda boldy.
Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, messenjer, aýratynam, wideo göreniňde gurluşyň ýokary derejede gyzmagyna getirýär. Şeýle-de, Telegram-yň fon režiminde işjeň işleýändigi we munuň hem akkumulýatoryň zarýadsyzlanmagyny goşmaça güýçlendirýändigi bellenilýär.
Synlardan telefonyň aşa temperatura çenli gyzýandygyny, batareýanyň zarýadynyň bolsa bary-ýogy 20 minutda 12% azalýandygyny görmek bolýar. Mesele diňe programma doly ýapylandan soň aýrylýar.
Häzirki wagtda bu meseläniň wagtlaýyn çözgüdi Telegram-y köp funksionally menýuda ýapmakdyr. Işläp düzüjiler entek bu ýagdaýa teswir bermediler, ýöne tiz wagtdan näsazlyklary düzetmek üçin täzelenme çykarsalar gerek.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....