Jaguar-yň rebrendingi Inc-iň wersiýasy boýunça ýylyň iň uly şowsuzlyklaryndan biri hökmünde yglan edildi

  • 23.12.2024 00:14
  • 4.8k+

Amerikanyň Inc. işewürler žurnaly täzelenen Jaguar brendiniň tanyşdyrylyşyny ýylyň işewürlikdäki esasy şowsuzlyklarynyň sanawyna girizdi. Keşbiniň  birden üýtgemegi we tizerlerde täze modelleriň ýoklugy tomaşaçylarda ýakymsyz duýgynyň döremegine sebäp boldy.

Awtoulag öndürijisi ýagtylyga we tehnologiýa esaslanýan düşünjäni girizip, konserwatiw keşbini üýtgetmäge synanyşdy.

“Mahabat birmahallar konserwatiw bolan awtoulag öndürijisiniň döwrebaplyga ýa-da tehno-futuristik ýokary moda geçişini görkezýän şygarlardan doly. Ýöne Jaguar-yň “ýagty ýaşajakdygy”, “hiç zady göçürmejekdigi” we “adaty zatlardan dynjakdygy” baradaky sözler mahabatyň süňňünde aşa progressiw teksti saklaýandygy üçin  nägile bolan konserwatiw müşderileriň gaharyny getirdi” – diýip, Inc.-iň bilermenleri bellediler.

Hünärmenler tizerlerde täze modelleriň ýoklugy bilen bagly ýagdaýyň has hem agyrlaşandygyny bellediler. Negatiw reaksiýadan soň, Jaguar Type 00 nusgasyny görkezdi, ýöne elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanmanyň peselýän şertlerinde awtoulagyň dizaýny we lýuks segmentine gönügenligi diňe ynamsyzlyk döretdi.
Inc.-iň anti-reýtinginde ýalňyşlyklary abraýdan düşmegine getiren beýleki iri kompaniýalaram bardy. Olaryň arasynda Google we onuň emeli aňyň işindäki ýalňyşlyklary, Boeing we onuň hil, netijelilik bilen baglanyşykly meseleleri, gaplamasynda sahypa ýerliksiz mazmunly baglanyşyk beren oýunjak öndürijisi Mattel, şeýle hem dünýä boýunça Windows-da işleýän millionlarça kompýuteriň “çökmeginde” günäkär  bolan kiberhowpsuzlyk boýunça CrowdStrike kompaniýasy bar.

düýn 12:31
1.6k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 08:19
2.3k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......