Amerikanyň Inc. işewürler žurnaly täzelenen Jaguar brendiniň tanyşdyrylyşyny ýylyň işewürlikdäki esasy şowsuzlyklarynyň sanawyna girizdi. Keşbiniň birden üýtgemegi we tizerlerde täze modelleriň ýoklugy tomaşaçylarda ýakymsyz duýgynyň döremegine sebäp boldy.
Awtoulag öndürijisi ýagtylyga we tehnologiýa esaslanýan düşünjäni girizip, konserwatiw keşbini üýtgetmäge synanyşdy.
“Mahabat birmahallar konserwatiw bolan awtoulag öndürijisiniň döwrebaplyga ýa-da tehno-futuristik ýokary moda geçişini görkezýän şygarlardan doly. Ýöne Jaguar-yň “ýagty ýaşajakdygy”, “hiç zady göçürmejekdigi” we “adaty zatlardan dynjakdygy” baradaky sözler mahabatyň süňňünde aşa progressiw teksti saklaýandygy üçin nägile bolan konserwatiw müşderileriň gaharyny getirdi” – diýip, Inc.-iň bilermenleri bellediler.
Hünärmenler tizerlerde täze modelleriň ýoklugy bilen bagly ýagdaýyň has hem agyrlaşandygyny bellediler. Negatiw reaksiýadan soň, Jaguar Type 00 nusgasyny görkezdi, ýöne elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanmanyň peselýän şertlerinde awtoulagyň dizaýny we lýuks segmentine gönügenligi diňe ynamsyzlyk döretdi.
Inc.-iň anti-reýtinginde ýalňyşlyklary abraýdan düşmegine getiren beýleki iri kompaniýalaram bardy. Olaryň arasynda Google we onuň emeli aňyň işindäki ýalňyşlyklary, Boeing we onuň hil, netijelilik bilen baglanyşykly meseleleri, gaplamasynda sahypa ýerliksiz mazmunly baglanyşyk beren oýunjak öndürijisi Mattel, şeýle hem dünýä boýunça Windows-da işleýän millionlarça kompýuteriň “çökmeginde” günäkär bolan kiberhowpsuzlyk boýunça CrowdStrike kompaniýasy bar.