Sony bilen Honda bilelikdäki ilkinji awtoulagyny karaoke we onlaýn kinoteatr bilen enjamlaşdyrar

  • 22.12.2024 23:32
  • 2.9k+

Sony Honda Mobility 2025-nji ýylda deslapky sargydy edip boljak ilkinji elektrik ulagy bolan Afelia-nyň multimediýa mümkinçiliklerini görkezdi. Awtoulag ýolagçylara Stingray-iň 100 müňden gowrak aýdym-sazly kitaphanasy gurlan karaoke hyzmatyny hödürlär diýip, ITHome habar berýär.

Bu hyzmat Sony Group-yň Kanadanyň Stingray Group-y bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi bolar.
Sony Honda Mobility-niň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Ýasuhide Mizuno: “Ulagy sürüp barýarkaňyz ýolagçylaryňyz bilen birlikde halaýan aýdymlaryňyzy aýdyp bilersiňiz. Bu syýahatyňyzdan galjak täsirleri has-da ýatda galyjy eder” – diýip belleýär.
Şeýle hem kompaniýa ABŞ-nyň bazarynda satylýan ulaglar üçin elýeterli boljak Sony Pictures Entertainment-iň RIDEVU film akym hyzmatyny hödürledi.
Afelia Honda bilen Sony-niň bilelikdäki kärhanasynyň ilkinji awtoulagy bolar. Bu brend 2022-nji ýylda döredilipdi. Geljekde kompaniýa 2027-nji ýylda krossower we 2028-nji ýylda ykjam sedan çykarmagy meýilleşdirýär.
Elektromobil öňdäki bamperde batareýanyň zarýadyny we beýleki maglumatlary görkezmäge ukyply özboluşly multimediýa paneli bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, awtoulag şäher şertleri üçin döredilen L2 sürüjä kömek ulgamyny goldar.


12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......