BYD gumanoid robototehnikasynyň bazaryna çykýar: kompaniýa hünärmenleri işe alýar

  • 20.12.2024 07:37
  • 2.4k+

BYD öz maksatlaryny giňeldýär. Hytaý kompaniýasy gumanoid robototehnikasynyň bazaryna çykýandygy barada mälim edip, Embodied Intelligence gözleg toparyna hünärmenleri işe almak boýunça global kampaniýany işe girizdi.

Kompaniýa robototehnika we emeli aň pudagynda ösen tehnologiýalary işläp taýýarlamak üçin hünärmenleri gözleýär. 2025-nji ýylda dünýäniň abraýly uniwersitetlerinde magistraturanyň we doktoranturanyň uçurymlary boljaklar has ileri tutulýar. Geljekki işläp düzüjilere algoritmler boýunça uly inženerler, uly inžener-konstruktorlar we modelirleme boýunça uly inženerler ýaly wezipeler hödürlener. Aýratyn üns gumanoid we iki aýakly robototehnika boýunça öňdebaryjy ylmy gözleglere berler.
Taslama emeli aňy senagat programmalaryna girizmäge gönükdirilendir.
Öň, kompaniýa Ubtech Robotics kompaniýasyna maýa goýdy, bu hem BYD zawodlarynda Walker S1 robotyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu gumanoid robot awtomatlaşdyrylan ulgamlar bilen işlemäge hem-de inspeksiýa we hil barlagy ýaly ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Mundan öň kompaniýanyň 30 ýyllygyny baýram etmek dabarasynda BYD-yň başlygy we prezidenti emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşine 13,73 mlrd dollar maýa goýmak meýilnamalary barada aýtdy.


13.05.2026 23:24
2.5k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

13.05.2026 09:33
6.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....