Honda bilen birleşmeginiň mümkindigi baradaky habarlaryň çäginde Nissan-yň paýnamalary 24% gymmatlady

  • 20.12.2024 21:09
  • 4.5k+

Çarşenbe güni Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi Nissan Motor Co.-nyň paýnamalary  24% gymmatlady, bu soňky 50 ýylyň içinde onuň iň uly ösüşi boldy. Bu onuň Honda Motor Co. bilen birleşmeginiň ähtimallygy baradaky habarlaryň çäginde bolup geçdi. Munuň Nissan-a maliýe çökgünliginden çykmaga we hatarda galmaga kömek etjekdigine maýadarlar umyt baglaýarlar diýip, Bloomberg ýazýar.    

Nissan-yň paýnamalary Nikkei 225 indeksiniň öňdelikçisi boldy. Çünki maýadarlar has güýçli hyzmatdaşyň geljekde berjek goldawy baradaky habary oňlamak bilen kabul etdiler. Häzirki dolandyryşyň ýolbaşçylygynda Nissan-yň paýnamalary soňky 50 ýylda iň erbet görkezijini görkezipdi.

Londonda ýerleşýän Pelham Smithers Associates Ltd. barlag şereketiniň uly seljerijisi Juli But: "Nissan-yň maliýe we amaly taýdan has güýçli hyzmatdaş tarapyndan goldanjakdygyny göz öňünde tutup, muny gowy habar diýip  hasaplamalydyr" – diýip belleýär.

Çarşenbe güni, awtoulag öndürijileriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, Honda-nyň wise-prezidenti Sinji Aoýama kompaniýanyň birleşmek, maýa hyzmatdaşlygy ýa-da holding kompaniýasyny döretmek ýaly, hyzmatdaşlygyň birnäçe wariantlaryna garap görýändigini aýtdy.
Şeýle-de, Mitsubishi Motors Corp.-iň hyzmatdaşlyga gatnaşyp biljek paýnamalary hem 20 göterim ýokarlandy, bu onuň 2013-nji ýyldan bäri iň uly ösüşidir. Şol bir wagtyň özünde, Nissan-y “halas etmeli” bolar diýen howatyrlanmasy sebäpli Honda-nyň paýnamalary 3,4% pese gaçdy. Bloomberg Intelligence guramasynyň uly seljerijisi Tasuho Ýosida şeýle hyzmatdaşlygyň Honda üçin getirjek peýdasynyň gysga möhletli bolmajakdygyna ynanýar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....