Bütin dünýäde awtomobil satuwy noýabr aýynda 6,1% artdy

  • 20.12.2024 12:07
  • 5.8k+

2024-nji ýylyň noýabr aýynda ýeňil we ýeňil täjirçilik awtomobilleriniň satuwy 8 184 295 birlik boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1% köpdür. 11 aýda global awtobazaryň göwrümi tas 80 mln awtomobile (+1,6%) ýetdi diýip, GlobalData habar berýär.

Hünärmenler bazaryň dört aýlyk pese gaçyşdan soň yzygider ikiinji aý ösýändigini we munuň ýylyň ahyry üçin oňyn çaklamalara esas döredýändigini belleýär.
Satuw boýunça öňdebaryjy Hytaý bolmagynda galýar, bu ýerde noýabr aýynda 2 760 811 awtomobil satyldy we bu bir ýyl ozalkydan 10,4% köpdür. Ikinji orunda 1 378 920 awtomobil (+12,3%) görkeziji bilen ABŞ ýerleşýär. Üçlüge satuwyň 2,6%, 1 090 037 awtoulaga çenli azalandygyna garamazdan, Günbatar Ýewropa girdi.
Gündogar Ýewropada bazar 9,1% (409 465 awtoulag), Günorta Amerikada 16,5% (274 479 birlik) ösüş görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýa (386 776 awtomobil; -5,6%) we Günorta Koreýa (145 472 awtomobil; -7,9%) pese gaçyşy görkezýär.

şu gün 08:11
604

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......