Werstappen Portimaoda geçen synagda üç dürli awtoulagda iň gowy üç netijäni gazandy

  • 23.12.2024 00:07
  • 1.8k+

“Formula-1-iň” dört gezek çempiony Maks Werstappen abraýly Autosport britan neşiriniň wersiýasyna görä 2024-nji ýylyň iň gowy sürüjileriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Red Bull-yň sürüjisi üçin bu titul karýerasyndaky dördünji titul boldy. Şol bir wagtyň özünde, niderlandly sürüji 18-nji dekabrda GT seriýaly awtoulaglaryň Portimaodaky trassada geçirilen synaglarynda öz derejesini tassyklady.

Werstappen DTM çempionatynda bäsleşýän Emil Freý Racing toparynyň Ferrari 296 GT3 ýaly, üç dürli awtoulagda ilkinji iň gowy üç netijäni gazandy.
Bu niderlandly sürüjiniň Ferrari awtoulaglaryny sürmekde ilkinji tejribesi däl. Ondan öň Mujello trassasynda italýan markasynyň ulaglaryny synagdan geçiripdi.
“Formula-1”-iň 2024-nji ýyldaky möwsüminde Maks iň ýakyn bäsdeşi Lando Norrisden 63 utuk öňe saýlanyp, çempionlygy gazandy. Şeýle-de bolsa, onuň Red Bull topary kubogy "MacLaren-e" geçirip, Konstruktorlaryň kubogy hasabynda bary-ýogy üçünji orny eýeledi. Ikinji ýeri Ferrari topary eýeledi.
Autosport-yň iň oňat sürüjileriniň reýtinginde Ferrariniň sürüjisi Şarl Lekler ikinji, möwsümiň wise-çempiony Lando Norris (MacLaren) bolsa üçünji ýeri eýeledi.
Ilkinji onluga IndyCar-yň çempiony Aleks Palou we “Formula E”-niň ýeňijisi Paskal Werlýaýn ýaly, beýleki ýaryş seriýalarynyň wekilleri hem girdi. Ilkinji onlugy ralli boýunça dünýä çempiony (WRC) Týerri Nýowil tamamlady.


25.04.2026 15:19
1.2k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.5k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....

24.04.2026 07:19
3.2k+

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....

04.04.2026 15:00
9.8k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......