Nvidia 249 dollara dronlar we robotlar üçin kindiwanja, bir plataly AI kompýuterini çykardy

  • 23.12.2024 00:00
  • 3.1k+

Nvidia kompaniýasy emeli aňyň meseleleri üçin niýetlenen täze, bir plataly Jetson Orin Nano Super kompýuterini hödürledi. Enjam dronlarda, robotlarda we beýleki akylly ulgamlarda ulanmak üçin amatly.

Jetson Orin Nano Super 1,7 GGs tizlikli alty ýadroly Arm Cortex-A78AE prosessory, 8 Gb RAM we 1024 CUDA ýadroly hem-de 32 tenzor ýadroly GPU bilen işleýär. Bu çylşyrymly AI meseleleri ýerine ýetirilende ýokary öndürijiligi üpjün edýär.
Enjamyň bahasy 249 dollar bolup, bu öňküsinden iki esse arzandyr. Öndürijiligi 70% ýokarlandy we 67 TOPS-a ýetdi. Enjam USB Type-C ýa-da 25 Wt-dan başlaýan kuwwatly öz birleşdirjisi arkaly zarýad almagy goldaýar.
Jetson Orin Nano Super dört sany 10Gbit/s-lik USB 3.2 Type-A porty, kameralary birleşdirmek üçin iki sany MIPI CSI porty, M.2 2280 we M.2 2230 SSD birleşdirijisi we Raspberry Pi bilen gabat gelýän 40 pinli GPIO bilen enjamlaşdyrylan.
Ol Nvidia-nyň ýöriteleşdirilen Linux wersiýasy bolan L4T-niň dolandyrmagynda işleýär. Kompýuteriň görmek wezipeleri 104% -e, dil modelini öwretmek 63% -e, şekilleri tanamak 69% -e çenli ýokarlandy.
Jetson Orin Nano Super-iň satuwy aýyň ahyrynda başlar.


düýn 11:10
618

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....