ABŞ-da täze Starshipiň uçurylyşy tassyklandy: bu gezek näme bolar?

  • 22.12.2024 17:06
  • 5.4k+

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasynyň administrasiýasy SpaceX-iň täze Starship prototipini işe girizmäge rugsat berdi. Synag uçuşy 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda irden Tehasdaky meýdançadan meýilleşdirilýär diýip, x.com habar berýär.

Bu gezekki synag uçuşy enjamlaryň täze görnüşlerini öz içine alar: onda Ship 33 ýokarky basgançagy we Super Heavy 14 tizlendiriji bar.
Esasy meseleleriň biri uçuşdan gaýdyp gelende tizlendirijini tutmak üçin gaýtadan synanyşyk bolar. Starship kosmos gämisiniň synagy uçuşy Hindi ummanynyň gündogar böleginde bölünişik bilen tamamlar. Onda esasy üns geçen synaglardaky zaýalanma alamatlaryny görkezen ýylylyk goragyna gönükdiriler.
Mundan başga-da, synaglarda ýylylygy ölçeýji bilen (surata alýan) enjamlaşdyrylan “Gulfstream V” uçary ulanylar. NASA kosmos gämisiniň atmosfera gireninde obşiwkalarynyň (gorag örtüginiň) ýagdaýy barada täze maglumatlary almagy we olary öwrenmegi meýilleşdirýär. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin uçar awiasiýa edaralarynyň goşmaça razylygyny talap edýän daşarky yşyklandyryşsyz uçmaly bolar diýip, 
ixbt.com ýazýar.


düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......