Di Kaprio döwükleriň sany boýunça rekord eýesi bolan kaskadýoryň roluny ýerine ýetirer

  • 22.12.2024 01:55
  • 5.7k+

Režissýor, “La-La Lend” filmi üçin “Oskar” baýragynyň eýesi Demien Şazell amerikaly kaskadýor Iwel Kniwel barada täze filmi surata düşürmäge taýýarlanýar. Bu filmde baş keşbi Leonardo Di Kaprio ýerine ýetirer diýip, World of Freel habar berýär.

Iwel Kniwel motosiklde ýerine ýetirýän dürli hereketleri bilen meşhur boldy we hatda iň köp döwügi bolan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi – karýerasynda 433-den gowrak döwük. Ýöne onuň karýerasy dawaly tamamlandy: adamyň üstüne gaçandan soň, ol ähli şertnamalaryny ýitirdi we alty aý tussaglykda boldy.
Geljekki filmiň ssenarisini Uilýam Monahan ýazar.
“La-La Lend” mýuzikliniň üstündäki iş Şazelli “Iň gowy režissýorlyk” kategoriýasynda “Oskar” baýragynyň iň ýaş laureatyna öwürdi. Şeýle-de, ol “Ýoluganlyk” (Одержимость) dramasynyň režissýory hökmünde tanalýar. Režissýoryň soňky doly metražly filmi “Wawilon” prokatda şowsuz boldy, ol 80 mln dollar býujet bilen 63 mln dollar gazandy.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......