“Mufasa: Şa Ýolbars” we “Sonik 3 kinoda” dünýä kinoteatrlaryna çykdy

  • 21.12.2024 19:39
  • 6.7k+

20-nji dekabrda dünýäniň kinoteatrlarynda iki uly kino taslamasy – Disney-den “Mufasa: Şa Ýolbars” we Paramount kinokompaniýasyndan “Sonik 3 kinoda” görkezildi.

“Mufasa” filmi iki döwrüň wakasyny gürrüň berer. Olaryň birinde Rafiki, Timon we Pumba Simbanyň ogluna Mufasa barada gürrüň berer, beýlekisinde Mufasanyň öz wakasy görkeziler.
Lenta “Şa ýolbars” multfilminiň kinoremeýkiniň hem prikweli, hem sikweli bolar. Asyl filmde bolşy ýaly, bu film hem kompýuter grafikasynyň kömegi bilen döredildi. Remeýkden öz rollaryna ses bermäge Donald Glower, Set Rogen, Billi Aýkner, Jon Kani we Beýonse gaýdyp geldi, olara Aaron Pýer we Mads Mikkelsen hem goşuldy. Şeýle-de, filmde Beýonse bilen Jay-Z-niň 12 ýaşly gyzy – aýdymçy Blýu Aýwi Karter ilkinji gezek çykyş eder.
“Sonigiň” üçünji bölüminde baş gahryman atasy Robotnigiň döreden roboty Şedou bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ýagdaý Egmanyň weýran bolan Haos zümerretlerinden kiçi bir zümerredi almagy bilen kynlaşýar. Bu oňa Sonigiň metal görnüşini döretmäge mümkinçilik berýär.
Taslamada Sonigiň roluna Ben Şwars gaýdyp geldi, Doktor Eggmanyň roluny bolsa ýene-de Jim Kerri ýerine ýetirer. Şeýle-de, filme Jeýms Marsden, Idris Elba we Kianu Riwz gatnaşdy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......