Threads sosial ulgamynyň gündelik işjeň ulanyjylary 100 milliondan geçýär - Sukerberg

  • 21.12.2024 10:06
  • 3.5k+

Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg ilkinji gezek "Threads" boýunça işjeňlik maglumatlary paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, sosial ulgamy her gün 100 milliondan gowrak ulanyjy ulanýar we platformanyň aýlyk ulanyjylary takmynan 300 million adam bolýar.

2023-nji ýylyň tomsunda işläp başlan "Threads" sosial ulgamy X-iň (öňki Twitter) esasy bäsdeşi hökmünde görkezilýär. Ilon Maskyň sosial ulgamynyň syýasatynda bolup geçen soňky üýtgeşmeleriň netijesinde köp sanly ulanyjy Sukerbergiň sosial ulgamyna geçýär.
Tomaşaçylaryň ýene bir bölegi “Bluesky” sosial ulgamyny saýlaýar. Bu platforma heniz beýlekiler bilen bäsdeşlik görkezip bilmese-de, täsirli ösüşi görkezýär: sentýabr aýyndan bäri hasaba alnan ulanyjylaryň sany 10-dan 25 milliona çenli artdy.
Meta interfeýsi yzygiderli täzeläp, täze aýratynlyklary goşup, Threads-y işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Onda iň soňky yglan edilen täzelikleriň biri hem - diňe ýazylan ulanyjylaryňyzyň bildirişlerini görüp bilmek mümkinçiligidir diýip, 
gagadget.com ýazýar.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......