ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri “Top Gan” filmindäki keşbi üçin Tom Kruzy sylaglady

  • 20.12.2024 21:20
  • 5.1k+

Amerikaly kino aktýory Tom Kruz “Top Ganyň” iki filmindäki keşbi üçin ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň baýragyna mynasyp boldy diýip, Independent habar berýär.

“Missiýany amala aşymak mümkin däl” franşizasynyň ýyldyzy ajaýyp jemgyýetçilik hyzmaty üçin sylaglandy. Adatça, bu baýrak raýat adamlaryna gahrymançylykly hereketleri üçin ýa-da ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine beren saldamly goldawy üçin gowşurylýar.
Baýrak aktýora Angliýanyň Surreý graflygynyň Çertsi şäherinde ýerleşýän “Longkross” kinostudiýasynda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň sekretary Karlos Del Toro tarapyndan gowşuryldy.
Dabarada Kruz özüniň "buýsanýandygyny we tolgunýandygyny" boýun aldy.

“Durmuşda meniň üçin iň möhüm zat - ýolbaşçylyk etmek diýmek hyzmat etmek diýmegi aňladýar. Munuň kalbyň çuňlugynda bolýandygyny bilýärin we hut şuny harby erkeklerdir aýallarda görýärin. Aktýor: "Her kimde bar bolan wepalylyga ýokary baha berýärin we olara wekilçilik etmek meniň üçin hakykatdanam mertebedir" -diýdi.

“Top Gun” filmlerinde ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň uçarmanlarynyň durmuşy we karýerasy beýan edilýär. Tom Kruz olarda uçarman Pit “Mawerik” Mitçeliň keşbini ýerine ýetirdi.


düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....