"Örän gorkunç kino 6" filmi 2026-njy ýylda çykarylar

  • 20.12.2024 21:14
  • 6.5k+

"Örän gorkunç kino" (Очень страшное кино) meşhur komediýalarynyň altynjy bölümi 2026-njy ýylda çykarylar. Bu barada aktýor we prodýuser Marlon Ueýans Big Boy TV-ä beren interwýusynda habar berdi. Ol filmiň 2025-nji ýylda surata düşürilip başlanjakdygyny aýtdy.

Bu taslama onuň doganlary Şon we Kinen Aýwori Ueýanslar, şeýle hem franşizanyň ikinji bölüminiň üstünde işlän ssenariýaçy we prodýuser Rik Alwares goşuldy.
"Örän gorkunç kino" seriýasy dünýä bazarynda takmynan 900 million dollar gazandy. Franşizanyň 2000-nji ýylda çykan birinji bölümi R reýtingli gorkunç filmleriň iň köp girdeji getirenlerinden biri bolup, 42,5 million dollar gazandy.
Marlon Ueýans şonuň bilen birlikde, beýleki meşhur filmleriniň sikwelleriniň üstünde işlemegi doman etmek isleýändigini aýtdy.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......