Marvel “Gara Babyr-3” filminiň işlenip taýýarlanýandygyny tassyklady

  • 20.12.2024 20:59
  • 3.3k+

Marvel Studios “Gara Babyr-3” filmini döretmek işleriniň başlanandygyny resmi taýdan yglan etdi. Maglumaty studiýanyň ýolbaşçysy Kewin Faýgi Collider neşiri bilen söhbetdeşlikde tassyklady.

Taslamanyň üstünde işlemegini ozal franşizanyň birinji we ikinji filmleri bilen meşgullanan prodýuser Neýt Mur dowam etdirer. Kompaniýadan gidendigine garamazdan, Mur bu filmi tamamlamak üçin Marvel-e goşular.

“Bize onuň bilen indiki “Gara Babyr” filmimiziň üstünde täzeçe işlemek nesip etdi. <…> Neýt – ajaýyp ýolbaşçy we kärdeş, şeýle-de bu ýerde, Marvel Studios-da hemmämiz üçin ajaýyp dost. <…> Biz ony küýsäris we onuň näme etjekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, Faýgi belledi.

Öz gezeginde aktýor Denzel Waşington ozal Raýan Kugleriň franşizanyň üçünji bölüminde özi üçin rol ýazýandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, onuň täze filme gatnaşjakdygy resmi taýdan tassyklanmady.
“Gara Babyr-3” filminiň premýerasynyň takyk senesi belli däl. Birinji film 2018-nji ýylda, onuň dowamy bolsa 2022-nji ýylda çykdy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......