Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana çagyrdy

  • 20.12.2024 20:25
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime özara sapar bilen Türkmenistana gelmäge çakylygy gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.

Premýer-ministr Anwar Ibrahim çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Iki tarap saparyň möhletleriniň diplomatik ýollar boýunça kesgitleniljekdigi barada ylalaşdylar.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Malaýziýada bolan döwründe mähirli kabul edilendigi hem-de ak ýürekli myhmansöýerlik üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime we Malaýziýanyň halkyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......