«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançasyny gurmak meýilleşdirilýär

  • 20.12.2024 16:58
  • 5k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Aşgabatda hereket edýän meýdança ýaly, golf meýdançasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy dekabrda Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere baryp görmeginiň çäklerinde aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda awto we motosportuň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, geljekde halkara derejedäki awtoralli ýaryşlarynyň guralmagy babatda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda golf meýdançalaryna bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny nazara alyp, paýtagtymyzda hereket edýän meýdança ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy babatda maslahatlaryny berdi.


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....