Netflix Asteriks we Obeliks barada täze multserialyň treýlerini hödürledi

  • 20.12.2024 11:53
  • 4k+

“Asteriks we Obeliks: serdarlaryň söweşi” (Астерикс и Обеликс: Поединок вождей) multserialynyň ilkinji treýleri çykdy. Multserialyň premýerasy 2025-nji ýylyň ýazynda Netflix platformasynda bolar.

Serialyň sýužeti ady belli gallaryň täze başdangeçirmeleri barada gürrüň berer. Asteriks, Obeliks we olaryň ýaranlary rimli basybalyjylary saklamak üçin täze usullary oýlap tapmaly bolar.
Taslamanyň döredijisi 2002-nji ýylda “Missiýa “Kleopatra” (Миссия «Клеопатра») doly metražly filmini surata düren fransiýaly režissýor we aktýor Alen Şaba boldy. Onuň täze işi alty bölümden ybarat bolar.
Asteriks we Obeliks baradaky soňky doly metražly film 2023-nji ýylda “The Middle Kingdom” (Поднебесная) goşmaça sözbaşysy bilen çykdy. Lenta dünýä prokatynda 46 mln dollar ýygnady we tankytçylaryň dürli seslenmelerini aldy.


şu gün 11:08
1.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....