Mahaçewiň Sarukýan bilen rewanşynyň resmi promoroligi çykdy

  • 19.12.2024 18:27
  • 14k+

2025-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Los-Anjelesde (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 311 ýaryşy geçiriler. Esasy waka ýeňil agramda UFC-niň çempiony Islam Mahaçew bilen dalaşgär Arman Sarukýanyň arasyndaky rewanş bolar. Promouşen geljekki wakanyň ilkinji mahabat wideosyny hödürledi.

Mahaçew bilen Sarukýanyň arasyndaky ilkinji söweş 2019-njy ýylda geçirildi we şonda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Islam ýeňdi. Şondan bäri Arman dört söweşe gatnaşyp, ynamly ýeňiş gazandy. Mahaçew Sarukýany ýeňenden soň, çempion titulyny gazandy we yzygiderli dokuz garşydaşyny ýeňdi.
Şeýle-de, mahabat wideosynda ýeňilmedik dagystanly Umar Nurmagomedow (18-0) bilen iň ýeňil agramda UFC-niň häzirki çempiony gruziýaly Merab Dwalişwiliniň (18-4) arasynda geçiriljek esasy söweşleriň biri yglan edilýär. Dwalişwili ilkinji gezek titul goragyny geçirer.


düýn 23:43
5.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......