Tankytçylar 2024-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň antireýtingini düzdüler

  • 19.12.2024 14:21
  • 4.6k+

Metacritic portaly ýylyň jemini jemläp, kino tankytçylardan iň ýaramaz synlary alan filmleriň sanawyny düzdi. Antireýtingde birinji orny 100-den bary-ýogy 6 bal alan ylmy-fantastik triller “Lýumina” eýeledi.

Ol ýylyň dowamynda 10-dan pes bal alan ýeke-täk film boldy. Tankytçylar ssenariniň gowşaklygyny we žanra ýöntem çemeleşilendigini bellediler. Tankytçylar filmi şeýle bir halamady welin, Rotten Tomatoes platformasynda onuň reýtingi 18 synçynyň baha bermesinden soň 0% boldy.
Ikinji orunda Meksikanyň “Arzuwlar şäheri” dramasy (14 bal) ýerleşdi. Gizlin fabrikada işlemek üçin alnyp gaçylan oglanjyk barada gürrüň berýän film sýužetiň lenç edilenligi üçin tankyda sezewar boldy.
Üçünji orny Nil Marşalyň “Gersoginýa” filmi (22 bal) eýeledi. Bu film gözçykgynç derejede öýkünilenligi sebäpli dürli seslenmelere getirdi.

Metacritic boýunça 2024-nji ýylyň iň erbet filmleri:

  • ·“Lýumina” (Люмина) – 6 bal
  • ·“Arzuwlar şäheri” (Город грез) – 14 bal
  • ·“Gersoginýa” (Герцогиня) – 22 bal
  • ·“Reýgan” (Рейган) – 22 bal
  • ·“Dälihana” (Дурдом) – 23 bal
  • ·“Hanym Kerep” (Мадам Паутина) – 26 bal
  • ·“Zalymlygyň taryhy” (История зла) – 26 bal
  • ·“Borderlends” (Бордерлендс) – 26 bal
  • ·“Meri” (Мэри) – 26 bal
  • ·“Winni-Puh: Gan we bal 2” (Винни-Пух: Кровь и мед 20 – 27 bal.

Abraýly Variety neşiri hem ýylyň iň erbet filmleriniň sanawyny düzdi. Tankytçylaryň pikiriçe, sanawa Kris Paýnyň “Howuz arassalaýjysy” (Чистильщик бассейнов) filmi, Keýt Blanşett bilen “Myş-myşlar” (Слухи) komediýasy, “Reýgan” (Рейган) baýopigi, Lýuk Bessonyň “Dogmen” (Догмен) filmi, “Gapan” (Мышеловка Микки) sleşeri we Zak Snaýderiň “Pitneçi Aý” (Мятежная Луна) filminiň režissýorlyk wersiýasy girdi. 


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....