Bezeg çyralary ukynyň hiline nähili täsir edýär?

  • 19.12.2024 14:13
  • 7k+

Uky boýunça amerikaly hünärmen, psiholog Ketrin Holl sowuk çyranyň (gök) ýa-da bezeg çyralarynyň (girlýanda) ýylpyldysynyň gijeki dynç alşyň hiline näme üçin ýaramaz täsir edip biljekdigini düşündirdi. Bu barada New York Post neşiri ýazýar.

Gürrüň gök çyranyň we güýçli ýylpyldynyň melatoniniň – sirkad ritmlerini kadalaşdyrmaga jogap berýän gormonyň işlenip çykarylmagyny togtadyp bilmegindedir.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, aýratynam, bezeg çyralarynyň we elektron gurluşlaryň ýaýradýan gök yşygy zyýanlydyr. Ol gysga tolkun uzynlygyna hem-de ýokary energiýa eýe we bu hüşgärligi ýokarlandyrýar. Gündiz şeýle yşyk peýdaly, ýöne gijesine ol organizme uka taýynlyk görmäge päsgel berýär.  
Ýaramaz täsiri azaltmak üçin, Holl bezeg çyralaryny ýatmazdan iki-üç sagat öň öçürmegi maslahat berýär. Şeýle-de, ol ýumşak yşyklary – sary öwüşginli gyzyl ýa-da ak çyralary saýlamagy maslahat berýär. Olar melatoniniň işlenip çykarylmagynda päsgelçilik döretmän, tersine, rahatlanmaga kömek edýär.
Şeýle-de, hünärmen ýylpyldaýan çyralardan gaça durmagy maslahat berýär. Ýanyp öçýän yşyklar görüş gyjyndyrmasyna getirip, uklamagy kynlaşdyrýar.


05.06.2026 17:46
2.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.9k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......