FIFPro 2024-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryndan Afrikanyň simwolik ýygyndysyny hödürledi

  • 19.12.2024 12:04
  • 4.6k+

Professional futbolçylaryň assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy (FIFPro) 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçylarynyň simwolik ýygyndysyny yglan etdi.

  • Derwezeban: Andre Onana (Kamerun, “Mançester Ýunaýted”).
  • Goragçylar: Şansel Mbemba (Kongo DR, “Marsel”), Kalidu Kulibali (Senegal, “Al-Hilýal”), Aşraf Hakimi (Marokko, “PSŽ”).
  • Ýarymgoragçylar: Frank Kessýe (Kot-d’Iwuar, “Al-Ahli”), Sofýan Amrabat (Marokko, “Fenerbahçe”), Mohammed Kudus (Gana, “West Hem”), Iw Bissuma (Kot-d’Iwuar, “Tottenhem”).
  • Hüjümçiler: Ademola Lukman (Nigeriýa, “Atalanta”), Wiktor Osimhen (Nigeriýa, “Napoli”/“Galatasaraýa” kärendesine berlen), Mohamed Salah (Müsür, “Liwerpul”).

27.12.2025 20:56
10k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar...

27.12.2025 10:49
5.8k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder...

25.12.2025 11:23
5.2k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler...

25.12.2025 08:27
14k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler

«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy. Ol B toparçada ikinji orny eýeledi. Altynjy tapgyryň aýgytly oýnunda Röwşen Muhadowyň topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny 1:0 hasabynda utdy...