Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa bardy

  • 19.12.2024 07:25
  • 12k+

18-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ilkinji resmi sapary bilen Malaýziýa bardy. Bu barada resmi metbugatda habar berildi.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurduň resmi wekili bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.
Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikler hem özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......