Ýewropada Santa-Klauslaryň haýyr-sahawat ylgaw ýaryşlary geçirildi

  • 18.12.2024 18:51
  • 6.8k+

Ýewropada Santa-Klauslaryň her ýyl geçirilýän haýyr-sahawat ylgaw ýaryşlary guraldy. Ýörite kostýumlary geýen gatnaşyjylar çagalara kömek etmek maksady bilen pul ýygnamak üçin marafon geçdiler. Çäre Fransiýa, Wengriýa we Kosowo ýaly birnäçe ýurtlarda geçirildi diýip, Euronews habar berýär.

Kosowoda Santa-Klausyň eşigini geýen bäş müňe golaý adam Priştinadaky hassahanalaryň biriniň pediatrik bölümine pul ýygnamak üçin ylgawa gatnaşdylar.
Fransiýada ylgawçylar Parižiň etegindäki Issi-le-Mulinoda 10 kilometr aralygy geçdiler we bu ýerde guramaçylar müňlerçe gatnaşyja gyzyl-ak başgaplary we ýapynjalary paýladylar.
Budapeştde ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylar gyzyl-ak reňkli suwda ýüzmek üçin niýetlenen geýimlerde ylgadylar.

“Haçan-da men bu çäräni birinji gezek görenimde, men bu ýeriň meniň üçindigini duýdum we ýalňyşmandyryn. Bu diňe bize däl, eýsem geçip barýan adamlara-da ajaýyp täsirleri berýän uly baýramçylyk” – diýip, ylgaw ýaryşyna gatnaşyjy Klara Miçan belledi.

Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy eýýäm 21 ýyl bäri geçirilýär, gatnaşyjylardan gelen goşant bolsa haýyr-sahawat maksatlaryna gönükdirilýär.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......